Nepal hökümeti köpçülikleýin protestler döräninden soň bir gije-gündiz hem geçmänkä sosial ulgamlardaky petigi aýyrdy diýip, "Roýters" habar berdi.
"Biz sosial mediadaky petigi aýyrdyk. Olar indi işleýär" diýip, aragatnaşyk we IT ministri Prithwi Subbu Gurunga aýtdy.
"Katmandu Post" 9-njy sentýabrda, komendant sagadynyň we petiklemäniň ýatyrylmagyna garamazdan, adamlaryň ýene köçelere çykandygyny habar berdi.
Ýurduň premýer-ministri Khadga Prasad Şarma Oli, käbir habar beriş serişdeleriniň "Z nesil protestleri" diýip atlandyrýan garşylyklarynyň fonunda işinden çekildi.
Protestçiler parlament binasyna ot berdiler, premýer-ministriň öýüne we beýleki ýokary derejeli resmileriň öýlerine hüjüm etdiler, şeýle-de öňki premýer-ministr Şer Bahadur Deuba, onuň aýalyna, daşary işler ministri Arzu Rana Deuba we maliýe ministri Prasad Paudele hüjüm etdiler.
Protestler häkimiýetleriň daşary ýurtlaryň sosial ulgamlaryny ýurtda hasaba alynmaga borçly etmeginden we olar muny etmänsoň, sosial ulgamlary petiklemeginden başlandy.
Muňa jogap edip müňlerçe adam köçelere çykdy we parlament, hökümet binalaryna hüjüm etdi. Protestler wagtynda onlarça adam öldi we ýüzlerçe adam ýaralandy.