Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rostow resmileri gijeki hüjümde iki adamyň ýaralanandygyny aýtdylar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Rostow sebitiniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Ýuriý Slýusar Matweýewo-Kurgan we Mýasnikowskiý etraplaryna gije edilen pilotsyz uçar hüjümi netijesinde Matweýewo-Kurgandaky ýörite mekdep-internatyň iki işgäriniň ýaralanandygyny habar berdi.

Onuň sözlerine görä, pilotsyz uçaryň "ýere gaçmagy" sebäpli internat binasynyň aýnalary we gyssagly çykyş gapysy zaýalandy. Iki işgär, kiçiräk ýara alanyndan soň, etrap hassahanasyna äkidildi.

Häkimiýetler 73 çagany we mekdep-internatyň bäş işgärini ewakuasiýa etdi. Olar Rýaženoýe obasynda bina edilen wagtlaýyn ýaşaýyş merkezine ýerleşdirilýär.

Russiýanyň Goranmak ministrligi anneksiýa edilen Krymyň we Gara deňiz suwlarynyň ýokarysyndaky 12 sebitde 122 sany ukrain pilotsyz uçarynyň urlandygyny habar berdi. Ministrligiň tassyklamagyna görä, Rostow sebitinde iki pilotsyz uçar ýok edildi.

XS
SM
MD
LG