Polşa öz howa giňişligine giren Russiýanyň pilotsyz enjamlaryny urmak üçin harby uçarlary asmana galdyryp, birnäçe drony ýok edendigini aýtdy. Hökümet muny “agressiýa hereketi” we NATO bilen Ýewropa Bileleşigine agza ýurduň garşysyna “giň göwrümli prowokasiýa” diýip atlandyrdy.
Bu waka Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukrainada doly göwrümli urşa başlamagyndan bäri NATO-nyň bir agzasynyň ilkinji gezek ot açmagy boldy. Polşa şeýle-de daşary howplar bilen bagly maddanyň çäginde hymzatdaşlar bilen konsultasiýalary geçirmek üçin resmi haýyş bilen ýüzlendi.
“Düýn gije Polşanyň howa giňişligi köp sanly rus dronlary tarapyndan bozuldy. Howpsuzlyga gönüden-göni wehim salan dronlar uruldy” diýip premýer-ministr Donald Tusk 10-njy sentýabrda adatdan daşary hökümet ýygnagynda aýtdy.
Ýewropanyň liderlerinden Russiýa garşy berk ýazgarmalar beýan edilýän mahaly, Tusk bir gijede Polşanyň howa giňişliginiň 19 gezek bozulandygyny, birnäçe dronuň Belarusdan uçurylandygyny we azyndan dördüsiniň urlandygyny aýtdy.
Polşa NATO-nyň 4-nji maddasyny başlatdy
“Howpsuzlyga howp salan bu dronlaryň urulmagy syýasy ýagdaýy üýtgetdi. Bu sebäpli hyzmatdaşlar bilen geçirilýän maslahatlar NATO Şertnamasynyň 4-nji maddasyny başlatmak boýunça resmi haýyşa öwrüldi” diýip Tusk belledi.
Şol madda agza ýurtlaryň “territorial bitewiligine, syýasy garaşsyzlygyna ýa-da howpsuzlygyna howp abananda bilelikde konsultasiýalary geçirmegi” göz öňünde tutýar. NATO-nyň sözçüsi öten agşam ýaranlygyň uçarlarynyň hyzmatdaş ýurtlaryň howa giňişliginde howp hökmünde hasaplanan nyşanlara garşy ilkinji gezek hereket edendigini aýtdy.
“Bu biziň raýatlarymyzyň howpsuzlygyna hakyky wehim döreden agressiýa hereketi” diýip, Polşanyň Ýaragly güýçleriniň operasiýa serkerdeligi sosial ulgamynda ýazdy. Tusk çäk bozulmagy netijesinde adam ýitgisiniň bolmandygyny aýtdy. Bu waka Moskwanyň Ukraina garşy amala aşyran giň gerimli hüjümlerine gabat geldi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň 15 sebite azyndan 415 dron we 40-dan gowrak raketa atandygyny, bir adamyň ölendigini, üç adamyň ýaralanandygyny aýtdy. Ol Günbatary has güýçli jogap bermäge çagyrdy. “Moskwa elmydama çäkleri synap görýär, eger güýçli garşylyk bolmasa, ol şu görnüşde hereket etmegini dowam etdirýär” diýip ol aýtdy.
Russiýa "delil ýok" diýýär
Putin, Kreml ýa-da Russiýanyň Goranmak ministrligi hadysa boýunça teswir bermedi. Emma Russiýanyň Polşadaky wagtlaýyn ilçisi Andreý Ordaş RIA Nowosti döwlet habar gullugyna beren beýanatynda Moskwanyň bu aýyplamalary “esassyz” diýip hasap edýändigini, dronlaryň rus gelip çykyşyny subut edýän delilleriň görkezilmändigini aýtdy.
Bu aralykda, Kiýewiň Günbatarly hyzmatdaşlary Russiýa garşy täze sanksiýalary maslahatlaşyp, şeýle hem uruşdan soňky “hopwsuzyk kepilliklerini” işläp düzmäge synanyşýarlar.
Emma bu öň görülmedik waka gepleşikleriň petige dirän wagtyna gabat geldi. Prezident Wladimir Putin Zelenski bilen duşuşmakdan ýüz öwürýär we öz öňünde maksadyna ýetmek üçin güýç ulanmakdan gaýtmajakdygy bilen haýbat atýar. Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň gündogardaky Donetsk sebitinde täze ýerleri ele geçirmek ugrunda hüjümlerini güýçlendirýär.
Polşa, şol sanda Warşawa bilen birlikde dört howa menzilini ýapandygyny aýtdy.
Russiýa Ukraina garşy ýüzlerçe dron we raketa bilen edýän giň möçberli ganly hüjümlerini dowam etdirip, onlarça adamyň ölümine we şikeslenmegine sebäp bolýar.