Rus goşunlary Sumy şäherindäki okuw jaýlarynyň birine hüjüm etdi

Sumy. Rus hüjüminiň netijesi. 11-nji sentýabr, 2025

Rus goşunlary 11-nji sentýabra geçilýän gije Sumy şäherindäki bilim edaralarynyň birine hüjüm etdi diýip, Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugy habar berdi.

Gullugy habaryna görä, hüjüm netijesinde bilim edarasynyň binalaryna zyýan ýetdi, olar bölekleýin ýykyldy, bir binada ýangyn boldy.

Mundan başga, zarba tolkuny awtoulaglara zyýan ýetirdi, golaýda ýerleşýän köp kwartiraly ýaşaýyş jaýlarynyň penjire aýnalary döwüldi.