Türkmen döwleti ýene 'netijesiz' diýilýän desgalary satýar

Döwlet serişdesine gurlan binalar

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň satuwa çykarylmagy dowam etdirilýär. Bu gezek türkmen metbugaty 48 desganyň satuwa çykarylýandygyny habar berdi.

Döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalar 18-nji oktýabrda, sanly platformanyň (www.е.fineconomic.gov.tm saýtynyň we bu platformanyň mobil goşundysynyň) üsti bilen geçiriler.

Satyljak desgalaryň arasynda Lebap sebitindäki “Amyderýa” söwda kärhanasynyň öňki binasy, “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi, Daşoguz sebitindäki turba zawody we Aşgabatda ýerleşýän “Nur Zaman” hojalyk jemgyýetiniň edara binasy ýaly döwlet emläkleri bar.

Şeýle-de, dükanlar, kafeler, naharhanalar we saglyk merkezi, dolandyryş binalary we önümçilik desgalary satuwa çykarylar diýip, habarda anyklaşdyrylman aýdylýar.

Bäsleşikli söwdalara türkmen raýatlary, daşary döwletleriň raýatlary, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

Türkmenistanda alnyp barylýan hususylaşdyrma tagallalary aýdyň däl, ozal döwlet eýeçiliginde bolan we soňra hususy eýeçilige satylan desgalar, hususylaşdyrma bilen baglylykda ýitirilen ýa-da täze döredilen iş orunlary barada açyk we anyk maglumatlar çap edilmeýär.

Synçylar Türkmenistanda uly döwlet serişdelerine gurlan desaglaryň köpüsiniň netijesiz durandygyny, ýöne olaryň hususylaşdyrlan ýagdaýynda hem, giň ýaýran korrupsiýa we kanunlaryň işlemezligi sebäpli, peýdaly boljagynyň gümanadygyny öňe sürýärler.