Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainanyň Donetskiň basylyp alnan 2 şäherine zarba urandygyny aýdýar


Makiýiwka urlan zarbalaryň netijeleri.
Makiýiwka urlan zarbalaryň netijeleri.

Ukrainanyň güýçleri ýurduň gündogardaky Donetsk sebitiniň basylyp alnan bölegindäki iki şähere dron we raketa arkaly hüjüm etdi diýip, ýerli okupasiýa häkimiýetleri aýtdy. Bu habar Waşingtonda ABŞ bilen Ýewropa ýolbaşçylarynyň Moskwany gepleşiklere mejbur etmek üçin täze ykdysady sanksiýalary ara alyp maslahatlaşýan wagtyna gabat geldi.

Sebitdäki Russiýnyň dikme ýolbaşçylaryň biri Denis Puşilin, hüjümler netijesinde iki adamyň ölendigini, 16-synyň ýaralanandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, ukrain güýçleri Donetsk şäherindäki we şäheriň demirgazygynda ýerleşýän senagat merkezi Makiýiwkadaky nyşanalary urdy.

Okupasiýa astyndaky ýerleriň howpsuzlyk resmileri iki hüjümiň dowamynda azyndan 20 dronuň ulanylandygyny, howa goranyş ulgamlarynyň işledilendigini aýtdy. Russiýanyň habar gulluklary Donetsk şäheriniň dürli ýerlerinde partlamalaryň eşidilendigini habar berdi.

Makiýiwkada dronuň bir dokuz gatly ýaşaýyş jaýyna baryp urandygy aýdylýar.

Ukrain resmileri bu hüjümler barada entek resmi taýdan düşündiriş bermedi.

Häzirki wagtda Russiýanyň güýçleri Donetsk sebitiniň takmynan 75 %-ne gözegçilik edýär we galan bölegini hem ele geçirmek ugrunda hereket edýär.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 8-nji sentýabrda giçlik eden çykyşynda Russiýanyň hüjümlerini esasan ýurduň energetika pudagyna gönükdirýändigini aýtdy.

“Elbetde, munuň jogap çäreleri bar we biz jogap bermegi dowam etdireris, emma iň esasy zat [energetika] ulgamynyň durnuklylygydyr” diýip, ol belledi.

Bu aralykda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, geçen hepdäniň ahyrynda jikme-jik maglumat bermän, Russiýa garşy sanksiýalaryň ikinji tapgyryna geçmäge taýýardygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli sanksiýa wekili 8-nji sentýabrda Waşingtonda, Trampyň häkimiýete geçmeginden soň, ABŞ bilen hyzmatdaşlykda Russiýa garşy alnyp baryljak ilkinji bilelikdäki çäreleri maslahatlaşmak üçin ekspertler topary bilen duşuşdy.

Forum

XS
SM
MD
LG